Daşoguz "Serdar" Pagta Egriji Fabrigi

Taryhy

Esaslandyrylan ýyly: 1998 ý.
Önümler: dürli belgili nah ýüplikler

Türkmenistanyň dokma senagaty ministirligine degişli bolan Daşoguz şäheriniň “Serdar” pagta egirme fabrigi Ruhnama köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýär.Kärhana 1998-nji ýylyň 18-nji iýunynda işe girizilýär.

Kabul edilen tehnologiki zynjyr,taslamaçylar tarapyndan kard ýüpligini almakda dünýä tejribesine esaslanyp hödirlenen.Saýlanan tehnologiki enjamlar dokma önümçiligi üçin pnewnomehaniki egriji maşynlardan ýeke kardly agardylmadyk nah mata ýüpligini öndürmek üçin şertlendirilen.Kärhana ýyladyş we energo ulgamlary bilen üpjün edilen.Ýyladyşhana ulgamynda tehniki manometrler,manometr görnüşli termometrler we energo ulgamlarynda ampermetrler,woltmetrler ölçeg serişdeleri bilen üpjin edilen.

Kärhana gelen süýmler kabul edilende terezilerde ölçenip soňra giriş barlaglary geçirilýär.Soňra tüýtme-saýma bölümine berilýär we ol ýerde tüýdilýär,saýylýar,arassalanýar we tozandan aýrylýar,merkezleşdirlen howa arkaly hapa galyndylary aýyrmak amala aşyrylýar.Tüýtme-saýma bölüminiň öndürijiligi 450-500 kg/sag. Sonra tüýdilen süýümler howa arkaly ulgam bilen kard darak maşynlary ornaşdayrlan we bu ýerde hem merkezleşdirilen howa arkaly galyndylary aýyrmak amala aşyrylýar,süýümler daralýar we lenta görnüşine getirilýär.

DK-715 darak enjamlary (8 sany) öndürijiligi minutda 100 metr, DK-740 darak enjamynyň (6 sany) öndürijiligi minutda 120 metr. Kard darak bölüminiň öndürijiligi 1 smenda 2400 kg lenta. Sonra pagta süýiminden edilen darak lentalary tazlara ýerleşdirilip lentalaýjy enjamlar bölümine berilýär.Lentalaýjy enjamlarda lentalary çekmek,inçeltmek we süýümleri paralelleşdirmek prossesi bolup geçýär.Bu bölümde 8 sany RSB-51 markaly lentalaýjy maşynlar ornaşdyrylan,her biriniň öndürijiligi minutda 450 metr.Lentalaýjy enjamlar bölüminiň öndürijiligi 1 smenda 3500 kg lenda. Sonra tazlara ýerleşdirilen lentalary egirme bölümine berilýär,bu ýerde nah ýüpligi alynýar.

Egigme bölüminde(10 sany) RU-4604 markaly pnewmomehaniki egirme enjamlary ornaşdyrylan,her enjamda 216 sany kamerasy bar we her 1 sany manometr ölçeg serişdeleri jemi 10 sanysy ornaşdyrylan.Egirme maşynlaryň öndürijiligi 1 smenda 450 kg ýüplik. Soňra egrilen han ýüpligi silindr şekilli katuşkalara saralyp taýýar önümler ammaryna geçirilýär,bu ýerde taýýar önümler 500 kg-lyk elektron terezilerde ölçenýär,soňra gaplanýar we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda belliklenýär. Öndürilen nah ýüplikleriň hili kärhananyň barlaghanasynda (laboratoriýada) gündelik barlagdan geçirilýär. Barlaghanada gerekli ölçeg serişdeleri bilen üpjün edilen.