Daşoguz "Serdar" Pagta Egriji Fabrigi
Türkmenistanyň dokma senagaty ministirligine degişli bolan Daşoguz şäheriniň “Serdar”pagta egirme fabrigi Ruhnama köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýär.Kärhana 1998-nji ýylyň 18-nji iýunynda işe girizilýär.
Önümler: dürli belgili nah ýüplikler
Kabul edilen tehnologiki zynjyr, taslamaçylar tarapyndan kard ýüpligini almakda dünýä tejribesine esaslanyp hödirlenen.
Saýlanan tehnologiki enjamlar dokma önümçiligi üçin pnewnomehaniki egriji maşynlardan ýeke kardly agardylmadyk nah mata ýüpligini öndürmek üçin şertlendirilen.
Kärhana ýyladyş we energo ulgamlary bilen üpjün edilen.
Ýyladyşhana ulgamynda tehniki manometrler,manometr görnüşli termometrler we energo ulgamlarynda ampermetrler,woltmetrler ölçeg serişdeleri bilen üpjin edilen.
Biziň önümlerimiz
Daşoguz "Serdar" Pagta egriji fabrigi dürli görnüşli pagta ýüplük öndürýär
Daşoguz "Serdar" Pagta Egriji Fabrigi
Pagta ýüplük Nm34
Ýüplük önümçiligiň ähli tapgyrlarynda - çig maldan ahyrky seçip alyş tapgyryna çenli synagdan geçirilýär
Daşoguz "Serdar" Pagta Egriji Fabrigi
Pagta ýüplük Nm20
Ýüplük önümçiligiň ähli tapgyrlarynda - çig maldan ahyrky seçip alyş tapgyryna çenli synagdan geçirilýär